Halkara üstünlikleriniň mynasyp sylagy

2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin uly üstünliklere, ýatdan çykmajak wakalara eýe boldy. 2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mejlisler zalynda geçirilen dabaraly çäre, bu üstünlikleriň özboluşly jemlemesine öwrüldi. Dabara, ýylyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilen halkara ders bäsleşiklerinde Türkmenistanyň baýdagyny belende göteren zehinli talyplary sylaglamaga bagyşlandy.

Şol talyplaryň arasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Taňrygulyýew Nagym Baýramgulyýewiçiň ady aýratyn buýsanç bilen tutuldy. Taňrygulyýew Nagym 2025-nji ýylyň 7-9-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Ýokary matematika” dersinden halkara olimpiadasynda ýokary netije görkezip, II derejeli diploma mynasyp boldy.

Dabaranyň dowamynda halkara derejesindäki bilim bäsleşiginde ýeňiji bolan Nagym Taňrygulyýew Türkmenistanyň Bilim ministriniň Hormat haty we gymmat bahaly sowgady bilen sylaglandy. Bu sylag diňe bir talybyň öz zähmetine däl, eýsem ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän döwrebap bilimiň we olaryň dünýä derejesinde bäsleşmäge bolan ukybynyň aýdyň subutnamasydyr.

Senagat we raýat jaý gurluşygy hünärinde okaýan talybyň matematika ýaly çylşyrymly dersden halkara derejesinde üstünlik gazanmagy, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň köptaraplydygyny we dünýä standartlaryna doly laýyk gelýändigini görkezýär. 

Biz hem öz gezegimizde halkara derejede Watanymyzyň adyny dabaralandyran talybymyzy gazanan üstünligi we alan sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, türkmen ýaşlarynyň ylym ýoly ak, ýeňişleri dowamly bolsun!

Şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän, ýaş nesliň bagtyýar geljegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.