Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan ylym-bilim baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarda Watana bolan söýgini, şeýle hem olarda ylma bolan höwesi artdyrmak maksady bilen, Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Täze ýylyň şowhuny joşup geldi Diýara!” atly dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda tamamlanyp barýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” dowamynda ylym-bilim arabaglanyşygynyň kämilleşmegine aýratyn goşant goşan, dürli medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşan institutyň göreldeli mugallymlaryna şeýle hem talyp ýaşlaryna hormat haty we sowgatlar gowşuryldy. Şatlyk şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesillere ylym-bilim öwrenmäge, täze tehnologiýalardan baş çykarmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkyny aýdyň gelejege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

 

Ylym bölüminiň esasy hünärmeni

Gülnar TEKÄÝEWA