Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, olaryň saýlap alan hünärine bolan söýgüsini artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen, 2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň talyplary üçin Bitaraplyk binasyna we onda ýerleşýän muzeýlere ýörite gezelenç gurnaldy.

Bu gezelenç diňe bir taryhy ýadygärlige baryp görmek däl, eýsem geljekki binagärler üçin göçme amaly okuw sapagy boldy. Talyplar binanyň gurluşynda ulanylan inženerçilik çözgütlerine, ak mermerli paýtagtymyz bilen ajaýyp sazlaşyk döredýän binagärlik keşbine aýratyn üns berdiler. Bitaraplyk binasynyň üç sany äpet aýagynyň bitewüligi, türkmen halkynyň agzybirligini we sarsmazlygyny alamatlandyrýan milli nagyşlar talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Muzeýiň içinde ýerleşýän gymmatlyklar bolsa talyplaryň gözýetimini has-da giňeltdi. Bitaraplyk derejesiniň taryhy ähmiýetini açyp görkezýän fotosuratlar, resminamalar we sungat eserleri ýaşlaryň watançylyk duýgularyny galkyndyrdy. Gezelençiň ahyrynda talyplar binanyň ýokarsyndaky syn ediş meýdançasyndan paýtagtymyzyň binagärlik keşbine syn etdiler. Bu çäre nazary bilimleriň durmuş tejribesi bilen utgaşmagyna, talyplaryň hünär ussatlygynyň kemala gelmegine uly goşant boldy.