Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny we meýletinçilik ýörelgelerini üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlarda watana bolan söýgini ösdürmek, şeýle hem olarda döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlap, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda “Hoş geldiň Täze ýyl eziz diýara!” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Bu dabarada institutymyzyň meýletinçileri 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara çärelerde meýletinçileriň gazanan üstünlikleri barada çykyş etdiler, esasan hem 2025-nji ýylda geçirilen iri çärelerde, ýagny awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen milletler guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 3-nji halkara maslahatynda, şeýle hem 12-nji dekabr “2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli geçirilen halkara forumda we beýleki geçirilen halkara sergilerde meýletinçileriň bitiren işleri dogrusynda gürrüň edildi.

Şeýle hem ata watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän dürli dillerde goşgular aýdyldy. “Dürli ýurtlarda Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň aýratynlyklary” atly iňlis dilinde prezentasiýaly çykyş bu dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Meýletinçi talyplarymyz tarapyndan dürli dillerde taýýarlanan ýaňyltmaçlar olaryň dil çeperçilik ussatlygyny görkezdi. Dürli temalar boýunça iňlis dilinde taýýarlanan sorag-jogaply çykyşlara meýletinçilerimiz işjeň gatnaşyp, bilim derejelerini görkezdiler.

Dabaranyň dowamynda Täze ýyl, watanymyzyň ösüşleri baradaky ýaňlanan nagmalar dabaranyň joşgunyna has-da joşgun goşdy.


Taýýarlan: Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy