TÄZE ÝYLYŇ ŞOWHUNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygy komitetiniň guramagynda institutda zähmet çekýän profesor-mugallymlaryň we işgärleriň çagalary üçin baýramçylyk dabarasy geçirildi.


TDBGI


Bu baýramçylykda çagalar Aýaz babany we Garpamygy şatlyk bilen garşy aldylar. Körpejeler  Aýaz baba we Garpamyga özleriniň dürli dillerde taýýarlan goşgudyr-aýdymlaryny aýdyp berdiler. Aýaz baba bolsa, öz gezeginde körpejelerimize Täze ýyl sowgatlaryny berdiler.


TDBGI


Dabaranyň dowamynda institutymyzyň aýdym-saz topary şowhunly aýdymlary we tanslary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň çäginde gurnalar milli oýunlar bolsa, Täze ýyl baýramçylygynyň şatlygyny has-da artdyrdy.  


TDBGI