2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 24-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary we kafedrada taýýarlanylýan “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň talyplary “Akaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksady bilen, göçme okuw sapagynda boldular.

Talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan gurluşyk, elektrik we awtomatlaşdyrma işleri barada birnäçe maglumatlary aldylar hem-de kärhananyň hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar.

Göçme okuw sapaklarynyň yzygiderli guralmagy talyplarda özleriniň saýlan hünärlerinden geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmeklerine uly ýardam eder, şeýle hem ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny ýola goýmakda öz täsirini ýetirer.