Halkara onlaýn ylmy-amaly maslahaty

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmaklyk dünýäde ekologik abadançylygy gorap saklamagyň ygtybarly binýadydyr” atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy barlag institutlarynyň ylmy işgärleri ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, daşary ýurtlaryň alymlary ekologik howpsuzlygy berjaý etmegiň ähli ugurlary barada täsirli çykyşlary etdiler. Şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy Bägül Ataýewa “Galyndysyz tehnologiýalaryň ähmiýeti” atly tema boýunça hem-de uly mugallym Ogulbagt Orazdurdyýewa “Organomineral dökün öndürmegiň innowasion usullary” atly temalar boýunça çykyş etdiler.

Halkara onlaýn ylmy-amaly maslahatynda ýaşyl tehnologiýalar, senagat himiýasy we ekologiýasy, nebit-gaz ýataklarynyň ugurdaş we gatlak suwlarynyň himiýasy we ekologiýasy barada aýdyldy.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşyl tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ösüşleri amala aşyrmakdaky döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.