Türkmenistan - Owganystan - Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky orny we ähmiýeti

2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky taryhy çykyşy mynasybetli “tegelek stol” gepleşigi geçirildi. Gepleşik “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Maslahatda “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy - Amangeldi Orazow, “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň uly mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy – Babajan Bekmurzaýew, “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy – Ogulbagt Orazudurdyýewa, “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň mugallymy - Ahmet Akmuhammedow, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 4-nji ýyl talyby  - Amanmyrat Ataýew dagy çykyş etdiler.

Maslahatda bellenilişi ýaly, sebitde energiýa hyzmatdaşlygynyň ösmeginde, esasanam, elektrik söwdasynda energiýa gorlary taýdan dünýäniň iň baý ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistan wajyp orny eýeleýär. Ýurtda döredilen energiýa öndüriji kuwwatlyklar diňe bir içerki sarp edijini elektrik bilen ygtybarly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň goňşy ýurtlara iberilýän möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyz köp ýyllardan bäri elektrik energiýasyny goňşy ýurtlara - Eýrana Owganystana, Özbegistana we Gyrgyzystana iberýär.  Şeýle hem Owganystan we Günorta Aziýa ýurtlary bilen energetika hyzmatdaşlygynyň täze döwrüni sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge we onuň ykdysady ösüşine güýçli itergi berjek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) energiýa köprüsiniň taslamasy barada giňişleýin gürrüň berildi.

Bellenilşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkarar etmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Bu bolsa milli Liderimiziň başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilendigini görkezýär we ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki ornuny has-da berkidýär.

Gepleşigiň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar ähli watandaşlarymyzy Milli bahar baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýtdylar.