Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji we 116-njy orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary bilen 2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda göçme okuw sapagy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzyň mekdeplerinde okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini nazara almak bilen, hünäre ugrukdyrmak meselesine aýratyn üns bermeli” diýip beren tabşyrygyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdepleriniň bilelikde alnyp barylmaly işleriniň meýilnamalaryna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda institutyň “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowa tarapyndan ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Ilkinji programmany dürli programmirleme dillerinde ýerine ýetirmek” atly göçme okuw sapagy geçirildi.


TDBGI


Okuw sapagynyň dowamynda mekdep okuwçylaryny dürli programmirleme dillerinde ilkinji programmanyň ýazylyş aýratynlyklaryny, döwrebap programmirleme dillerini ulanmakda peýdaly edebiýat çeşmeleri barada giňişleýin düşünje berlip, institutda taýýarlanylýan hünärler bilen baglanyşykly giňişleýin tanyşdyrdy.


TDBGI


Taýýarlan: Okuw bölümi