Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň rektory “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara maslahatynda çykyş etdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň gözel künjegi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 3-4-nji noýabrynda geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergisi we maslahaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm ähmiýetli wakalaryň biridir.


TDBGI


Çäräniň maksady — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Sergide dürli kompaniýalar gurluşyk, senagat we energetika ugurlarynda gazanylan iň täze tehnologiki çözgütleri we enjamlary görkezýärler. Bu meýdança işewür gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak üçin giň mümkinçilik döredýär.
“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara maslahatynyň 4-nji mejlisinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Batyr Mämmedow “Ylmyň, bilimiň we senagatyň özara baglanyşygy durnukly ösüşiň esasy hökmünde” atly tema boýunça çykyş etdi.


TDBGI


XXI asyryň inženeri dogry hasaplamalaryň nusgawy inženerçilik mekdebini, maglumat seljermelerini, emeli aňy we kiberhowpsuzlyk boýunça täze ygtyýarlyklary birleşdirýän hünärdir. Şoňa görä-de, institut adaty “hünär — synag” okuw modelinden hakyky obýektlerde barlanylýan “mesele — nusga — synag” modeline geçýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty binagärlik, gurluşyk, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, material öwreniş we inženerçilik taslamalaşdyryş ugurlaryny birleşdirýän ýokary okuw mekdebi hökmünde işjeň ösdürilýär. Okuw meýilnamalary pudaklaryň isleglerine laýyklykda täzelenýär, talyplaryň amaly taýýarlygy hakyky mysallar esasynda amala aşyrylýar.


TDBGI


Soňky ýyllarda institutda birnäçe täze taýýarlyk ugurlary açyldy:

  • Seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşyk;
  • Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak;
  • Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (magistr maksatnamasy).

Bu maksatnamalar inženerçilik töwekgelçiliklerini dolandyrmak, dogry ölçeg medeniýetini kemala getirmek hem-de sanly modelirleme endiklerini ösdürmek üçin niýetlenendir.

Geljekde “Akylly öý dizaýneri” we “Wirtual taslamaçy” ýaly täze innowasion maksatnamalaryň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu ugurlar Zatlar Interneti (IoT), emeli aň, sanly kömekçiler, VR/AR tehnologiýalaryna esaslanyp, ýaş hünärmenleri “ýaşyl” önümçilikler we sanly ekoulgamlar üçin taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Institutyň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyplar Arkadag şäherinde “akylly bina” ulgamlarynyň döredilmegine gatnaşýarlar. Olar programma üpjünçiliginiň çözgütlerini işläp düzýärler, inženerçilik ulgamlarynyň telemetriýasyny, dispetçerleşdirilmesini we prediktiw seljermesini özleşdirýärler.

VR/AR tehnologiýalary esasynda gurluşyk meýdançalarynyň howpsuzlyk ssenariýalaryny modelirlemek bilen, talyplar adam we obýekt howpsuzlygyny üpjün edýän täze tehnologiýalary özleşdirýärler.

Türkmenistanyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamalary “Türkmenistanyň At gazanan arhitektory” Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli dowam edýär.

Aşgabat şäheriniň ak mermerli keşbi milli däpleriň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň sazlaşygyny görkezýär. Bu üstünlikleriň hatarynda institut mugallymlarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen birnäçe möhüm taslamalar bar:

  • Türkmen alabaýlarynyň Halkara toplumy;
  • “Alaw”, “Dowamat”, “Abadançylyk” binalary;
  • Döwlet gullugy akademiýasynyň binasy;
  • “Güneşli” çagalar köşgi we Gökdere okuw-türgenleşik merkezi.

Bu desgalarda “ýaşyl” tehnologiýalar, sanly taslamalaşdyryş we wizualizasiýanyň innowasion usullary giňden ulanylýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty häzirki wagtda diňe bir okuw merkezi däl, eýsem ylmy-barlaglaryň öňdebaryjy ojaklarynyň biridir. Institutda ýokary berklikdäki kaolinit-beton, fosfogipsiň gaýtadan ulanylmagy, energiýa netijeliligi boýunça işler alnyp barylýar. Ýylyň dowamynda 20-den gowrak programma üpjünçiligi boýunça patent alyndy.

Institut dünýä derejesindäki reýtinglerde orun eýeleýär — Times Higher Education (World, Impact, Asia, Young) we Green Metric World University Ranking sanawlaryna girýär. Şeýle hem Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň (IAU), Gurluşyk ýokary okuw jaýlarynyň assosiasiýasynyň we beýleki halkara birleşikleriň agzasydyr. Institut ABŞ, Germaniýa, Hindistan, Russiýa, Rumyniýa, Belarus, Italiýa we Malaýziýa ýaly döwletleriň ýokary okuw jaýlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň hemişelik goldawy bilen Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Taslamanyň awtory — ýokary okuw mekdebiniň mugallymy. Umumy meýdany 32,2 gektar bolan toplum 5000 talyp üçin niýetlenendir.
Toplumda:

  • Baş bina, okuw jaýlary, mugallymlar we talyplar üçin ýaşaýyş jaýlary;
  • Kitaphana, sport meýdançalary, naharhana we mejlisler zaly;
  • VR/AR otaglary, BIM merkezleri, material we energetika tejribehanalary ýerleşer.

Täze toplum “akylly bina” ulgamyny, energiýa netijeliligini seljermek (LCA) we emeli aňyň etikasy boýunça dolandyryş ulgamyny (AI Governance) öz içine alýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty halkara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini hödürleýär:

  1. Industry Sandbox (Senagat Synag Meýdançasy) — sanly çözgütleriň gurluşyk we energetika desgalarynda çalt synagdan geçirilmegi üçin meýdança;
  2. Skills Upgrade 6+6 (Endikleri ýokarlandyrmak 6+6) — maglumat derňewi, AI/ML, kiberhowpsuzlyk, standartlaşdyrmak boýunça 6 hepdelik okuw we 6 hepdelik önümçilik tejribeligi;
  3. Light / Standard / Strategic Hyzmatdaşlyk — akademiki alyş-çalyşlardan iki diplom maksatnamalara çenli hyzmatdaşlyk derejeleri.

Bu çemeleşmeler açyk innowasiýalary we amaly ylymlaryň halkara giňişliginde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


TDBGI


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty