2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-ine Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlarynyň we “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynda taýýarlanylýan “Himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalaryň maşynlary we apparatlary” hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagy geçirildi. “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan institutymyzyň täze binalar toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada talyplara jikme-jik gürrüň berildi. Talyp ýaşlar uly gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar.