2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 3-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Sähet Kuliýew, Gülşat Atamyradowa we mugallym Akjemal Allamyradowa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda “Talyp ýaşlaryň ylmy ösüşinde daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Mugallymlar çäräniň dowamynda häzirki zaman ylmy-barlag işlerinde daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti hem-de talyplaryň ylmy işlerinde peýdalanylýan innowasion usullar barada giňden gürrüň etdiler. Şeýle çäreler talyplaryň ylma we daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant berýär.