Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsinde okuw tejribeliklerini geçirdiler

2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady ösüşine möhüm ähmiýet berýän iri senagat we ulag desgalarynyň düýbüni tutmak hem-de açylyş dabaralary geçirildi. 

Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu waka Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýol gurmak, köpri salmak ýaly sogaply işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek, senagat hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu üstünlikler “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.


TDBGI


Şol maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, eksport ugurly täze önümçilikleri döretmek, gurluşyk we ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şol taslamalaryň biri bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän döwrebap awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz gatnaşdy. Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedine barýan halkara ýolunyň ugrunda gurlan bu köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini 21 metr bolup, ol iki gatnawly we dört hereket zolagyndan ybaratdyr.

Bu täsin inženerçilik desgasy diňe bir ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegine däl, eýsem-de halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine hem uly goşant goşar. Täze köpri we onuň bilen bagly awtomobil ýoly Türkmenistanyň günbatar sebitlerini Gazagystan Respublikasy arkaly Ýewropa ýurtlary bilen, Eýran Yslam Respublikasy arkaly bolsa Günorta Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan möhüm üstaşyr ulag geçelgesiniň esasy bölegine öwrüler.

Täze ýol Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar Aziýa – ewropa ulag geçelgeleriniň birleşýän nokadyna öwrülip, Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany özara baglanyşdyrýan Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň möhüm halkasyny emele getirýär. Şeýle hem bu ýol arkaly Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran we Hindistan ýaly ýurtlaryň deňiz, demir ýol we awtomobil arkaly ýük daşama mümkinçilikleri giňelip, Ýewropa ýurtlaryna çykmak üçin gysga we ykdysady taýdan amatly ugur dörediler.

Bu ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir döwletimiziň çäginde däl, eýsem-de sebitleýin we yklym derejesinde ulag-logistika ulgamynyň durnukly ösüşine hyzmat eder. Şeýle halkara ýol ugry söwda-haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawlarynyň hem-de eksport-import mümkinçilikleriniň artmagyna giň mümkinçilik döreder.
Bu şanly wakalardan soňra, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsinde okuwa degişli tejribelik sapaklaryny geçirdiler.

Tejribe sapagynyň dowamynda talyplar köpriniň gurluşy, inženerçilik aýratynlyklary, berklik we durnuklylyk ulgamynda ulanylan çözgütler, ýol örtüginiň gatlak gurluşy hem-de ulanylan döwrebap gurluşyk materiallary bilen tanyşdylar. Mugallymlar köpri gurluşygynda ulanylýan beton, armatura, asfalt-beton, geotekstil we gorag gurluşlary baradaky maglumatlary düşündirdiler.

Şeýle hem talyplar täze gurluşygy başlanan Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluş aýratynlyklary bilen ýerinde tanyşdylar. Bu döwrebap awtomobil ýoly jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolup, onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölünýär.

Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar. Uzynlygy 207 kilometr bolan bu awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy – Garabogaz bölegi, Türkmenbaşy şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň golaýyndaky aýlawly çatryga çenli dowam edip, Gazagystan bilen araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar.

Talyplar ýol gatlagynyň gurluş tehnologiýasy bilen hem tanyşdylar. Ýoluň ýokary hil derejesini üpjün etmek üçin onuň üst gatlary döwrebap gurluş usullary bilen ýerine ýetirilýär:

  • Tekizlenip, basgylanan toprak gatlagynyň üstünden geotekstil goýulýar;
  • Soňra 30 sm galyňlykdaky iri däneli çagyl-çäge garyndysy;
  • 20 sm galyňlykdaky ownuk däneli çagyl-çäge garyndysy;
  • 8 sm galyňlykdaky öýjükli iri däneli gyzgyn asfalt-beton;
  • 7 sm galyňlykdaky dykyz, iri däneli gyzgyn asfalt-beton;
  • Jemleýji gatlak hökmünde 5 sm galyňlykdaky dykyz, ownuk däneli gyzgyn asfalt-beton gatlagy goýulýar.

Bir sagatda 580 awtoulaga, bir gije-gündizde 14 müň awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen bu ýol boýunça 8 sany awtobus duralgasy, awtoduralga meýdançalary, ýangyç guýujy beketler we durmuş maksatly desgalar hem göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýol ugrunda wideogözegçilik ulgamlary ornaşdyrylar.

Mugallymlar bu gurluşyň ähli ugurlary bilen tanyşdyrmak arkaly talyplaryň ýol gurluşygy, gatlaklaryň hasaplamalary, asfalt-beton garyndylarynyň gurluş aýratynlyklary, ýol howpsuzlygyny üpjün edýän inženerçilik çözgütleri hem-de halkara derejesindäki ýol gurluşygynyň talaplary boýunça bilimlerini çuňlaşdyrdylar.

Okuw sapagy talyplara nazary bilimlerini amaly taýdan berkitmäge, iri taslamalaryň gurluş tapgyrlaryny ýerinde görüp öwrenmäge, ýol we köpri gurluşygy boýunça täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Bu okuw tejribeligi ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygynyň aýdyň mysaly boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda alnyp barylýan okuw we ylmy işleriň netijeleri häzirki döwrebap önümçilik, taslama we gurluşyk meýdançalarynda amaly taýdan durmuşa geçirilýär. Talyp ýaşlaryň şeýle iri inženerçilik desgalarynda geçirilýän tejribelik sapaklaryna gatnaşmagy olaryň nazary bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyrmaga, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ýoluny öwrenmäge, inženerlik pikirini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Bu gatnaşyklaryň netijesinde institut bilen önümçilik kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk pugtalanýar, täze tehnologiýalar, gurluşyk materiallary we sanly çözgütler boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şeýlelikde, ylmyň we bilimiň birleşmegi Watanymyzyň senagat, ulag we gurluşyk ulgamynyň täze ösüş tapgyryna itergi berýär.

Bu beýik başlangyçlar ýaş nesli Watana hyzmat etmäge, döredijilik we yhlas bilen zähmet çekmäge, bilimde, ylmy-gözlegde we önümçilikde täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, adamzat bähbitli we döwlet ähmiýetli bähbitli beýik işlerinde uly-uly üstünlikler arzuw edýäris.


Ýolly Myradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
"Awtomobil ýollarynyň gurluşygy" kaferdasynyň müdiri, 
tehniki ylymlaryň kandidaty