Hoşallyk maslahaty geçirildi

         2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky taryhy çykyşy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy – Amangeldi Orazow, “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň uly mugallymy, Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy – Babajan Bekmurzaýew, “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy – Ogulbagt Orazudurdyýewa, “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň mugallymy - Ahmet Akmuhammedow, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 4-nji ýyl talyby  - Amanmyrat Ataýew dagy çykyş etdiler.

          Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wajyplygyny bildirýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

         Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Umumy geografik giňişlikde ýerleşýän ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyk olaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerine eýerýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz köptaraplaýyn sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaşlygyň geografiki ýerleşişi we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de onuň bilen goňşy sebitleriň taryhy umumylygy uly ähmiýete eýe bolmak bilen bir hatarda, anyk geosyýasy we geoykdysady şertler hem köp derejede öz täsirini ýetirýär.