2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda beýik ösüşler” atly tegelek stoly gurnaldy. Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine uly üns berilýär.
Bu tegelek stolyň başynda hem institutyň mugallymlary Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda açylyp ulanylmaga berlen “Bäherden” keramiki önümleri kärhanasy barada çykyş etdiler. Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy.