Hytaýyň senagat meýdançalaryny ösdürmekdäki tejribesi

Ýurduň döwlet ösüşiniň täze taryhy döwründe iň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýan gurluşyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenlere bolan aýratyn islegleri göz öňünde tutulyp, halkara derejedäki «Merkezi Aziýanyň bäş döwleti üçin senagat seýilgähleriniň gurluşygy we dolandyrylyşy» atly seminara gatnaşan türkmen wekilleriniň hünär başarnyklaryny artdyran iň gowy tejribeleri, şübhesiz, olaryň kärdeşleriniň arasynda we geljekki ýokary derejeli hünärmenleriň arasynda giňden ýaýrar.

Bu okuw başlangyjy Merkezi Aziýanyň ýurtlary – Türkmenistany, Gazagystany, Täjigistany we Özbegistany birleşdirip, Hytaý Halk Respublikasynyň iki şäherinde – Týanszin we Şençžen şäherlerinde geçirilip, seminaryň çäklerinde diňe bir maksatly sapaklar bilen çäklenilmän, eýsem iş saparynyň meýilnamasyna laýyklykda birnäçe önümçilik toplumlaryna tanyşlyk saparlary hem guraldy. Wekiliýetimiziň düzümine gurluşyk we arhitektura, senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça degişli ministrlikleriň wekilleri, şeýle-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri girdiler.

Bu möhüm okuw başlangyjynyň ähmiýeti, şol sanda ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdaky orny barada öz täsirli täsirlerini gazedimiziň üçin beren söhbetdeşliginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arhitektura kafedrasynyň mugallymy Şirmuhammet Jepbarow paýlaşdy.

Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.