TEJRIBE PAÝLAŞMAGYŇ OŇYN USULY

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 27-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Oguljan Aşyrowa we mugallym-öwrenijisi Süleýman Jumageldiýew Aşgabat şäherindäki 77-nji  orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda “Dilewarlyk sungatynyň taryhy” atly duşuşyk geçirdiler. Bu duşuşygyň başynda, Aşgabat şäheriniň 77-nji orta mekdebiniň müdiri O.Annaberdiýewa çykyş edip, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly-at myradyň mekany” diýip yglan edilmeginiň çäginde bumekdepde geçirilýän çäreleriň tertibi bilen myhmanlarytanyşdyrdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky alnyp barylýan halypa-şägirtlik gatnaşygynyň çäklerinde dürli temalarboýunça usuly ýardam berip durýandyklary üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi.

Soňra, institutymyzyň mugallymlary çykyş edip, olar türkmen halkynyň gadymdan bäri dilewarlyk sungatyna uly üns berendiklerini, şeýle hem, «Oguznama» eposynda Oguz hanyň halkyny agzybirlige, mertlige we ahlak kämilligine çagyrýan öwüt-nesihatlary, dilewarlygyň iň gadymy nusgalarynyň biridigini gürrüň berdiler. Şeýle-de, dilewarlyk sungaty türkmen halkynyň syýasy, harby we medeni durmuşynda hemişe esasy orun tutup, halkyň ykbalyny kesgitlemekde möhüm gural bolup hyzmat edendigi barada hem durup geçdiler.

Umuman, şeýle duşuşyklar biziň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde hem-de gymmatly maglumatlary mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.