“El hünäri - il gezer”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek,olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmekden ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlar okuw – sapaklaryndan boş wagtlarynda köýnek dikmek bilen meşhurlanýarlar. Fakultetimizde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda tikin işleri bilen meşhurlanmak maksady bilen gurnak hereket edýär. Gurnakda talyp gyzlar öz el hünärlerini kämilleşdirip, birek - birege hem öwredýärler. Milli mirasymyzy öwrenmäge we kämilleşdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il – ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.

Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň

ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Arzygül Annagulyýewa