2026-njy ýylyň fewral aýynyň 24-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymlary, Altynaý Annamyradowa we A.Hümmedow halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň çäginde Aşgabat şäherindäki 116-njy orta mekdebinde “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabyň we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVII jiltiniň tanyşdyrylyşy” atly duşuşyk geçirdiler. Bu duşuşyga 116-njy mekdebiň mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda çykyş eden mugallymlar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaklyga gönükdirilen “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň hem-de “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVII jiltiniň halkymyza sowgat edilmegi ýatdan çykmajak tolgundyryjy pursatlara beslenendigi barada aýtdylar. Watanymyzyň tebigy gözelliklerini, dermanlyk ösümlikleriniň görnüşlerini şekillendirýän fotosuratlar bilen bezelen bu kitaplar her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär diýip uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Aşgabat şäherindäki 116-njy orta mekdebiň ýolbaşçylary hem-de mugallymlary, şeýle gymmatly maglumatlary mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz etmekde alyp barýan işleri üçin Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlaryna sag bolsun aýtdylar.