Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçileri taýýarlamak hakyndaky beren buýrugyndan ugur alyp, meýletinçi ýaşlaryň arasynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, medeni gymmatlyklarymyz, milli baýramçylyklarymyz barada wagyz-nesihat çäreleri gurnalýar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň we institutymyzyň Demokratik partiýasynyň bilelikde gurnamagynda Halkara Nowruz baýramyna bagyşlap, “Nowruz gelse toýlanar milli bahar baýramy, Arkadag Serdar bilen ýaşlar bezär döwrüni” atly okuw seminary geçirildi. Meýletinçiler Baky Bitarap Watanymyzyň waspçylary bolup durýarlar. Olar Watanymyzyň taryhyny, däp-dessuryny, medeniýetini, sungatyny, milli baýramçylyklarymyzy daşary ýurt dillerinde öwrenip, geljek daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin beýan etmek bilen, biziň ýurdumyzyň halkara abraýyna uly goşant goşýarlar. Şeýle hem olara halkara derejesinde syýasata, bilime, medeniýete degişli dürli temalar boýunça umumy meýletinçilik okuwlar hem gurnalýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda gurnalýan okuw sapaklary göniden-göni meýletinçiligiň umumy nazary taýýarlygyna, şeýle-de terjimeçileri we ýolbeletleri taýýarlamaga gönükdirilýär. Mugallymlar bilen birlikde meýletinçi talyplaryň daşary ýurt dillerinde “Halkara Nowruz baýramy” baradaky çykyşlary örän täsirli boldy. Bu bolsa meýletinçi talyplaryň daşary ýurt dillerinde ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan etmekde olaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezdi.
Okuw maslahata gatnaşyjylar ajaýyp durmuşda zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.
Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy