Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 20-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda uçurym talyplaryň gutardyş dabarasy geçirildi.
Dabaraly çärä institutyň professor-mugallymlary, 2024-2025-nji okuw ýylynda instituty üstünlikli tamamlaýan talyp ýaşlary, şeýle hem uçurym talyplaryň ata-eneleri gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň dowamynda okuwda tapawutlanan uçurymlara ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.
Baýramçylyk çäräniň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.