Tükmen talyp türgeniniň halkara bäsleşikdäki üstünligi

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 13-15-i aralygynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen Ortaýer deňziniň Açyk Gran-Pri halkara ýaryşyna gatnaşan Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň düzüminde biziň baýry ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Rahmanow Parahat Döwranowiç baýrakly I orna mynasyp bolmagy başardy.  

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Gelejekde hem Rahmanow Parahat Döwranowiçe sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.