Ylmy-amaly maslahaty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 22-nji mart  Bütindünýä suw baýlyklarynyň güni diýip ykrar edildi. Halkara ekologik senenama mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň   17-nji martynda institutyň mejlisler zalynda “Halkara suw güni” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda suw bilen baglanyşykly häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Suw ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýar. Suw  adamyň hojalyk işiniň şol sanda  halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ulanylýar. Sarp edijiligiň artmagy bilen,  suwuň ýetmezçiligi we hapalanmagy  şu günki günüň esasy ekologik meseleleri biri boldy.

Maslahatyň dowamynda suwy arassalamagyň we tygşytlamagyň innowasion usullary barada aýdyldy. Suw meselesini çözmek döwlet syýasatymyzyň hem esasy wezipesi bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  başlangyjy bilen Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ägirt uly işler amala aşyryldy. Içimlik suw arassalaýjy kärhanalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berilmegi we olaryň ähmiýeti gürrüň berildi.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşyl tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ösüşleri amala aşyrmakdaky döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.