2025-nji ýylyň iýun aýynyň 6-8-i aralygynda Ermenistan Respublikasnyň Ýerewan şäherinde sportuň sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen Dünýä çempionatyna gatnaşan türkmen türgenleriniň arasynda biziň baýry ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Baýramow Babamurat baýrakly II orna mynasyp bolmagy başardy.
Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrdy. Geljekde hem Baýramow Babamyrada sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.