Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Uniwersiadanyň 2025-nji ýylyň mart aýynyň 14-den 15-i aralygynda sportuň dzýu-do görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Rahimow Serdar 73 kg agram derejesinde çykyş edip I orna, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Maglumat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Aýhanow Agajan 81 kg agram derejesinde çykyş edip I orna, Inžener mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Açyldyýew Mämmedaly 100 kg agram derejesinde çykyş edip II orna mynasyp boldy. Şeýle hem, “Önümçiligiň we tehnologiýa proseslerniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Şanazarow Şahruz 66 kg agram derejesinde çykyş edip II orna, Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Şamuradow Babajan 90 kg agram derejesinde çykyş edip III orna, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylşy” taýýarlygynyň ugrunyň 3-nji ýyl talyby Ýazkylyçow Döwran 60 kg agram derejesinde çykyş edip III orna mynasyp bolup, toparlaýyn II orun eýelediler.
Talyplar sport klubynyň başlygy M.Orazow