“Saglygym – baş baýlygym”

         2025 – nji ýylyň maý aýynyň 16 – na Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 3 – nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlaryň arasynda “Saglygym – baş baýlygym” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlige institutymyzyň saglyk öýüniň şepagat uýasy Myradowa Gymmat gatnaşdy. Halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglyk ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.   Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar. Adamzat nesli döräli bäri saglyk, sagdyn durmuş ýörelgeleri hemişe üns merkezinde bolupdyr. Hut şonuň üçin-de nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän uly üns berip gelipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň saglyk syýasatynyň  üstünlikli durmuşa geçirilýändigini dürli mysallaryň üsti bilen   talyp gyzlara düşündirdik. Şeýlelikde adam saglygy baradaky mesele esasy üns merkezinde bolmalydygy beýan edildi.  

         

Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň

ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Arzygül Annagulyýewa