2025-nji ýylyň 14-15-nji martynda we 4-5-nji aprelinde Israýyl döwletiniň Ariel uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň (Ýoşkar-Ola şäheri) Bilim ulgamynda innowasiýalary goldamak boýunça Milli gaznasy we Bilimiň hiliniň monitoringi ylmy barlag instituty tarapyndan gurnalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Açyk Halkara Internet olimpiadasyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Institutymyzyň talyplarynyň gazanan üstünlikli netijeleri boýunça Açyk Halkara Internet olimpiadasynyň guramaçylyk topary tarapyndan Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedowa hormatlamak bilen minnetdarlyk haty gowşuryldy.
Şeýle hem, Açyk Halkara Internet olimpiadasyna talyplaryň gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça guramaçylyk işlerini döredendikleri üçin “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň uly mugallymy A.Işangulyýewe we institutyň guramaçylyk toparyna minnetdarlyk haty gowşuryldy.