Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan 2025-nji ýylyň 12-14-nji maýynda geçirilen “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Taňrygulyýew Nagym I orna we altyn medala, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Öwezmyradow Batyr II orna we kümüş medala, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Goçmyradow Muhammetmyrat III orna we bürünç medala, Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Annalyýew Ysmaýyl III orna we bürünç medala mynasyp boldular.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, halkara bäsleşiklerine we olimpiadalaryna gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar.