2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin halkara öwrediş uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri we milli aýratynlyklary” atly göni wideoaragatnaşyk arkaly webinar geçirildi. Webinar iňlis dilinde alnyp baryldy.
Webinara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Webinarda Pekiniň halkara öwrediş uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary daşary ýurt diliniň ähmiýeti we terjimäniň meseleleri häzirki zaman jemgyýetinde aýratyn möhüm orun eýeleýändigi barada çykyş etdiler. Dili öwrenmek we terjime etmek, halkara gatnaşyklary, bilim, ykdysadyýet we medeniýet ýaly birnäçe ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek üçin zerurdygyny bellediler. Webinar gyzykly geçdi.