“Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary hem-de kafedrada taýýarlanylýan “Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy” hünäriniň talyplary 2025-nji ýylyň maý aýynyň 14-ine “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Kärhananyň hünärmenleri talyplara gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, howpsuzlyk düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işlerini geçirdiler. Soňra mugallymlar we talyp ýaşlar kärhananyň hünärmenleri bilen bilelikde gurluşyk meýdançasynyň dürli ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdylar. Esasan hem binalar toplumynyň baş binasynda elektrik geçirijileriň çekilişi, ýangyna garşy ulanylýan serişdeleriň, howa çalyşygynyň, sowadyş we ýyladyş ulgamynyň ýerleriniň gurnalyşy we taýýarlanyşy, liftleriň oturdyljak ýerleriniň gurnalyşy we beýlekiler barada maglumatlary aldylar. Gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynda birnäçe tehniki ugurlardan bilim alýan talyp ýaşlara göçme okuw sapaklaryny geçmäge, şonuň üsti bilen bolsa nazary bilimlerini berkitmäge giň mümkinçilikler bardyr. Ýagny, geljekki inženerlere gurluşyk işleriniň taslamasy ýerine ýetirilişinden başlap tamamlanýança alnyp barylýan işler bilen gurluşyk meýdançada doly tanyşmaga şertler döredilendir.