“Açyk gapylar” güni mynasybetli geçirilen çäre

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, 2025-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän, umumybilim berýän orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlary, harby bölümlerde gulluk borjuny ýerine ýetirýän, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda “Açyk gapylar” güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä umumybilim berýän orta mekdepleriň gutardyş synp okuwçylary, orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şeýle hem orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary bilen gyzykly söhbetdeşlikler geçirildi. Çärä gatnaşyjylar institutymyzyň fakultetlerinde alynyp barylýan işler, institutymyzyň muzeýi, institutymyzyň kitaphanasy, Talyplar sport kluby we institutyň Türkmen-hindi okuw önümçilik merkezi bilen ýerinde giňişleýin tanyşdylar.