Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport çäreleriniň ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Banminton federasiýasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 7-10-njy maýy aralygynda Badminton boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kakanowa Akjemal ýekelikde II orna we kümüş medala, türgen Amanowa Gülşen bilen bilelikde toparlaýyn III orna we bürünç medala hem-de Inžener-mehanika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Saryýew Billal türgen Amanmyradow Maksat bilen bilelikde toparlaýyn II orun we kümüş medala mynasyp boldular.
Bu sport çäreleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarynyň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak üçin alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Orazow Maksat,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň sport ussady