WOLEÝBOL TOPARYNYŇ GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport çäreleriniň ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 24-nji apreli - 5-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň erkekler klub toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça ýurdumyzyň kubogyny almak ugrundaky geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagär” woleýbol klub topary III orna mynasyp boldular.

Bu sport çäreleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarynyň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak üçin alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.

 

 

Orazow Maksat,  

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

 Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň sport ussady