Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sultanbaý Haýitbaýew 2025-nji ýylyň 5-10-njy maýy aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Namangan şäherinde welosportuň trek görnüşi boýunça geçirlen halkara ýaryşyna gatnaşyp, baýrakly III orna we bürünç medala mynasyp boldy.
Bulardan başga-da, sport ussatlygyna dalaşgär türgen talyp Sultanbaý Haýitbaýew hem-de Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýjemal Baýramowa 2025-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport çäreleriniň ýyllyk meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Uniwersiýadasynda sportuň welosport görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde hem toparlaýyn II orna we kümüş medala mynasyp boldular.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, jemgyýetde, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmäge, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýelemäge uly üns berilýär. Şonuň üçin hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Orazow Maksat,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň sport ussady