“Parahat Watanda, eziz ýurdumda belentde parlaýar türkmen baýdagy!” atly aýdym-sazly döredijilik dabarasy geçirildi

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenip geçilýär. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda Meýletinçiler merkeziniň, Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň, şeýle hem “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň “Parahat Watanda, eziz ýurdumda belentde parlaýar türkmen baýdagy!” atly aýdym-sazly döredijilik dabarasy geçirildi.

         Bu aýdym-sazly döredijilik dabarasynda talyp ýaşlar Watanymyzy  wasp edýän şygyrlary labyzly ýerine ýetirdiler. Ata watanymyzyň ösüşlerini taryplaýan mähriban Arkadagymyzyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany” atly şygryna esaslanan kompozisiýa has-da joşgunly boldy. Şeýle hem meýletinçi talyplaryň mähriban Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi” kitabyndan watançylyk, dost-doganlyk hakynda ýerine ýetiren atalar sözi we nakyllary ýatda galyjy boldy. Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusynyň daşary ýurt dillerinde ýaňlanmagy, dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Institutymyzyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň ýaşyl tugumyz, ata watanymyz baradaky ýerine ýetiren şirin nagmalary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak duýgylary galdyrdy.

Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy