2025-nji ýylyň 10-njy maýynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda kafedranyň mugallymy M. Nuryýewiň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagy geçirildi. Göçme okuw sapagynyň maksady – talyplaryň nazary bilimlerini önümçilik tejribesi bilen utgaşdyryp, olaryň hünär başarnyklaryny ösdürmekden ybarat boldy.
Bu göçme okuw sapagynda talyplar esasan demir armaturalaryň gurluşda ýerleşdirilişi bilen tanyşdylar. Beton konstruksiýalarynyň berkligini we çekim güýjüni ýokarlandyrýan bu möhüm gurluşyk prosesi barada giňişleýin maglumat aldylar. Talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda armatur elementleriniň betonyň içine nädip ýerleşdirilmelidigi, olaryň dogry aralykda we düzgün boýunça berkitmelere bagly ýerleşdirilişi bilen içgin tanşyp, bu işi amaly taýdan ýerine ýetirdiler. Ata-babalarymyzyň “Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýen pähimine laýyklykda, ýaş gurluşykçylar bu sapakda diňe diňlemän, görüp we ýerine ýetirip öwrendiler.
Şeýle hem talyplar ýeriň astyndan geçirilýän inženerçilik ulgamlarynyň geçiriliş usullary bilen giňden tanyşdylar. Olaryň gurluşy, ulanylýan materiallary, gurluşykdaky ähmiýeti, şeýle hem infrastrukturada suw we howa geçiriji ulgamlaryň ýerleşişi barada maglumatlar berildi.
Okuw sapagynyň dowamynda ýaşlar häzirki zaman gurluşygynda giňden ulanylýan materiallaryň biri bolan aýna süýümleriniň owuntygy bilen hem tanyşdylar. Bu material binanyň daşky we içki böleklerinde mermer bilen guýma demirbetonyň arasynda ýylylyk we ses izolýasiýasyny üpjün etmek üçin giňden peýdalanylýar. Talyplara aýna süýümleriniň owuntygynyň düzüm aýratynlyklary, peýdaly taraplary we ulanylyş tehnologiýasy barada hem düşündiriş berildi.
Şeýle amaly sapaklar talyp ýaşlaryň diňe bir bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olary geljekde öz işine ussat we innowasion çemeleşýän gurluşykçy-inžener hökmünde taýýarlaýar.