“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersinden Halkara internet olimpiadasy

Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, talyp ýaşlaryň hünär başarnyklaryny we döredijilik ukyplaryny artdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 8-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersinden Halkara internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi. Bu halkara bäsleşik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy inžener-tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda guraldy. Olimpiada sanly ulgam arkaly — ýörite taýýarlanan onlaýn platforma arkaly geçirildi, bu bolsa ähli gatnaşanlar üçin deň mümkinçilikler döredildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň adyndan olimpiadada Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý., uly mugallym Çary Taganowyň hem-de kafedranyň uly mugallymy Táçmyrat Öremedowyň ýolbaşçylygynda döredilen topar gatnaşdy. Talyplaryň gatnaşygyny guramakda we olimpiadanyň taýýarlyk işlerinde mugallymlarynyň ukyp-başarnygy, ussatlygy we yhlasly zähmeti aýdyň ýüze çykdy. Olimpiadanyň mazmuny “Çyzuwly geometriýa”, “Proýeksiýa çyzgylary”, “Inžener grafikasy”, “AutoCAD programmasynda işlemek” ýaly ugurlary öz içine aldy. Bu, gatnaşyjylaryň proýeksiýa pikirlenme ukyplaryny, giňişlikde çylşyrymly şekilleri seljermek başarnygyny we kompýuter programma üpjünçiligi bilen işlemek endiklerini ýüze çykarmaga gönükdirildi. Olimpiadanyň dowamynda geçirilen çärelerden düşürilen suratlar, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň giňdigine şaýatlyk edýär. Munuň ýaly halkara derejeli olimpiadalar, ýaşlaryň döredijilikli pikirlenme ukyplaryny ösdürmek bilen bir hatarda, olaryň hünär taýdan dünýä derejesinde ýetişmegine giň ýol açýar.