Syýasy gepleşik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, halkara “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilen ýylymyzda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen barýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen “Watan diňe halky bilen watandyr”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen şygarlar esasynda ýurdumyzda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz hem halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýär. Häzirki günlerimiz baýramçylyk ruhuna beslenýär. Bu ýyl bolsa aýratyn baýramçylyk ýylydyr — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Şeýle möhüm günleriň biri-de — 9-njy maýda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň baýramy boldy. Gahryman Arkadagymyz bu dabaralara gatnaşyp, Aşgabat şäheriniň Bekrewe eteginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna baryp, uruşda wepat bolan ata-babalarymyzyň hatyrasyna gül goýdy we olar üçin hormat bildirdi. Şeýle-de şol gün Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlaryny hem-de talyplaryny buýsandyran waka — Gahryman Arkadagymyzyň institutymyzyň täze binasy gurulýan meýdanyna baryp, gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmagydyr. 30 gektardan gowrak meýdanda gurulýan bu toplumda dürli maksatly binalar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz gurluşyk meýdançasynda işleýän işgärler bilen duşuşdy, olar bilen gürrüňdeş bolup, degişli görkezmeleri berdi we täze taslamalara baha berdi. Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz institutymyzyň täze binalar toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Şol ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli bu gurluşygyň düýbüni tutup, ak pata berdi. Häzirki wagtda bu gurluşyk işleri “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan ýokary depginde alnyp barylýar.

Toplumda: 15 gatly baş bina, 4 sany 6 gatly okuw binasy, 6 sany 5 gatly talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýy, 2 sany 40 öýli 5 gatly mugallymlara niýetlenen ýaşaýyş jaýy, 3 gatly 1000 orunlyk mejlisler zaly, 1000 orunlyk kitaphana, medeni çäreler üçin meýdança, 2 gatly sergi we okuwnümçilik merkezi, 1000 adamlyk naharhana, sport toplumy we meýdançalar, 440 orunlyk awtoduralga, gök zolaklar (8,24 gektar), ýolodalar (17,32 gektar) we beýleki desgalar ýerleşdiriler.

Bu desgalar toplumynyň gurluşygynyň 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda tamamlanmagy we 5000 talyp üçin niýetlenmegi meýilleşdirilýär. Bu taslama ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, bu taslamalar diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwletde, halky üçin janyny gaýgyrmaýan, parasatly we döredijilikli ýolbaşçylygyň baştutanlygynda mümkin bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bu gurluşyk işleri ýurdumyzyň ylmy-bilim ulgamynyň ösdürilmegine we ýaşlara giň mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu syýasy çykyş Türkmenistanyň häzirki ösüş ýolunda gazanýan üstünliklerini, döwletimiziň beýik maksatlaryny we ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçilikleri beýan edýän ruhubelent çykyşdyr.