Zamanyň talabyna laýyklykda ýokary hilli bilim bermek bilen bir hatarda, talyplaryň tejribe taýdan hem taýýarlykly bolmagy häzirki zaman ýokary okuw mekdepleriniň öňde tutulýan maksatlarynyň biridir. Tejribe arkaly öwrenmek – nazary bilimleri durmuşa geçirmekde örän möhüm ädim bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen göçme okuw sapagy ýaş inženerleriň geljekki hünär ýolunda möhüm ähmiýete eýe boldy. 2025-nji ýylyň 8-nji maýynda, Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyrmak we suw gorlaryny goramak” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary üçin täze gurlan binada tejribe okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagynyň esasy maksady – talyplaryň okuw döwründe alan nazary bilimlerini önümçilik tejribesi bilen utgaşdyrmakdan ybarat boldy. Okuw sapagynyň dowamynda talyplar binalaryň içki howa çalşygy ulgamynyň gurluşygy bilen tanyşdylar. Olar häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalarynyň giňden ulanylýan usullaryna we aýratynlyklaryna ýerinde göz ýetirip, gurluşyk önümçiliginiň häzirki derejesi bilen içgin tanyş boldular. Bu görnüşli göçme sapaklaryň ähmiýeti diňe bir maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem, talyplaryň hünär ugruna degişli görüp-bilmek, seljermek hem-de çözgüt tapmak ýaly başarnyklaryny ösdürýär. Şeýle tejribe sapaklary ýaş inžener-gurluşykçylaryň hünär taýdan kämilleşmeginde möhüm orny eýeleýär. Talyplar okuw döwründe diňe bir bilim bilen çäklenmän, eýsem, iş tejribesi hem toplap, geljekde öz ugurlary boýunça taýýar hünärmenler hökmünde zähmet bazaryna çykmaga taýýarlanýarlar. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň inženerçilik bilim ulgamynyň ösdürilmegine, ýaşlaryň amaly taýdan taýýarlykly bolmagyna hem-de häzirki zaman gurluşyk we binagärlik işleriniň talabyna laýyk hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam edýär.