Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň 6-8-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antaliýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen “Çempionlar” atly halkara ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Myradow Döwletgeldi sportuň erkin göreşi boýunça 86 kg agramda bäsleşip, III orna we bürünç medala mynasyp boldy.
Häzirki wagtda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň halkara sport bäsleşiklerine gatnaşmaklyga ak ýoluň açylandygyna buýsanýarys.