Döwrüň beýik işleriniň aýdyň beýany! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysady, senagat, ulag-logistika we halkara hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri täze derejelere çykarylmagy, bu Türkmenistanyň ösüş ýolunda taryhy pursatlary döredýär. Şu maksat bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagárlik-gurluşyk fakultetiniñ "Suw, gaz we ýylylyk úpjúnçiligi" kafedrasynyñ múdiriniñ w.ý.ý., uly mugallymy, t.y.k. Sapargeldi Dañatarowyñ, Aşgabat teleýaýlymynyň we "Aşgabat" gazetiniň bilelikde taýýarlan "Gurulýan döwlet — gurplydyr" atly gepleşiginde ýurdumyzyň möhüm gurluşyk taslamalaryna we halkara gatnaşyklaryna bagyşlanan möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bularyñ biri bolsa Balkan welaýatynda, Jebel şaherçesinde golaýynda gurlan
Balkanabat halkara howa menzili boldy. Bu desga sebit ösüşiniň ýol açarynyñ biri bolup, Balkan welaýatynyň ykdysady mümkinçiliklerini has-da ösdürer we giňelder . Bu döwrebap howa menzili diňe bir ýolagçy gatnawlaryny däl, eýsem, halkara ýük daşamagy güýçlendirmäge gönükdirilendir. Gepleşikde bellenilişi ýaly, bu desga sebitdäki logistik mümkinçilikleri artdyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem mümkinçilik döredýär. Howa menziliniň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalary we inženerçilik çözgütleri ulanyldy. Bu bolsa onuň ekologiýa taýdan howpsuz, energiýa tygşytlaýjy hem-de ýokary hyzmat derejesini üpjün edýän ulgam hökmünde özüni has-da tanatmana şert döredýär. Howa menziliniň gurulmagy bilen diňe bir Balkan welaýatynyň däl, eýsem, tutuş ýurduň halkara howa gatnawlarynda eýeleýän ornunyň ýokarlanýandygy nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa respublikasyna sapary — halkara gatnaşyklarynyň täze sahypasy! Gepleşikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran saparyna hem giňişleýin syn berildi. Bu sapar diňe bir diplomatik gatnaşyklary däl, eýsem, ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlygyň täze ugrunyň esaslandyrylmagydyr. Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar, gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Gepleşikde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda başy başlanan ulag we kommunikasiýa ulgamyndaky iri taslamalaryň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Bu bolsa ýurdumyzda döwletiň yzygiderli ösüş syýasatynyň alnyp barylýandygyny görkezýär. Ulag-logistika ulgamy — ykdysady ösüşiň özeni we Türkmenistan geografik taýdan Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşmegi bilen, ulag-logistika ulgamynyň ösüşi üçin amatly mümkinçiliklere eýedir. Gepleşikde nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa strategiýasy häzirki wagtda diňe bir içerki ösüşleri däl, eýsem, halkara ugurlarda-da üstünlikli netijeleri berýär. Bu ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen başlanyp, häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär.
Netijede "Gurulýan döwlet — gurplydyr" atly gepleşik häzirki döwrüň ösüşleriniň çuň manyly beýany boldy. Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk-senagat, ulag-logistika we halkara hyzmatdaşlyk boýunça giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle gepleşikler ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň halk köpçüligine ýetirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.