TÜRGEN TALYBYMYZYŇ ÝEŇIŞI

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysynyň türgeni, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Pena Taganow, 2025-nji ýylyň 3-4-nji maýynda ýurdumyzyň Balkan welayatynda sambo söweşi boýunça geçirilen ýaryşda 79 kg. agram derejede çykyş edip 2-nji orny eýeledi.

Talyp türgenlere halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlaryna gatnaşmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly isleri elmydama rowaç alsyn.