2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda, 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi. Munuň özi taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak we ýaşlarymyzy watansöýüji, päk ahlakly, giň gözýetimli edip ýetişdirmek hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda Türkmen-fransuz ykdysady forumy geçirildi. Türkmen-fransuz ykdysady forumynyň ullakan ähmiýetini bagtyýar talyp ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda “Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly tegelek stol gepleşigi Türkmenistan: Altyn Asyr teleýaýlymynda ýazgy edildi.