GAHRYMANLARA SARPA GOÝÝARYS!

2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýan-ýoldaşlaryna hem-de tylda zähmet çeken ak saçly enelerimize sarpa goýmak däbine eýerip Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Beýik watançylyk urşunyň weterany Antonina Pawlowna Prýanniçnikowanyň (Антонина Павловна Пряничникова) ýaşaýan salgysyna baryp ýadygärlik sowgatlary we gül çemenleri gowşuryldy.

Şeýlelikde, häzirki döwürde ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan uruş weteranlarymyzyň görkezen edermenligine, gaýduwsyzlygyna, merdana pederlerimiziň watan öňünde bitiren hyzmatlaryna goýulýan hormat sarpanyň aýdyň mysalydyr.