2025-nji ýylyň maý aýynyň 7-sine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Demokratik partiýasynyñ ilkinji guramasynyñ guramagynda, professor mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda "Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Watan Gahrymanlaryny hatyralap çäre geçirildi. Ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň 80 ýyllygy uly buýsanç hem-de ruhubelentlik bilen bellenýär. Bu çärede institutymyzyñ mugallymlary M.Haýtmuradowa, G. Hydyrow, B. Owşukow we talyp ýaşlar Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli çykyş etdiler.