Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda “Açyk gapylar” güni ýokary derejede geçirildi. Bu çäre institutyň düzümindäki Himiýa tehnologiýasy fakulteti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredi. Okuwçylar fakultetiň okuw otaglarynda, tejribehanalarynda hem-de ylmy-amaly merkezlerinde bolup, dürli tejribe işleri bilen gyzyklandylar. Çäräniň dowamynda mugallymlar we talyplar tarapyndan himiýa ylmy boýunça görkezme çykyşlar, tejribe sapaklary hem-de maslahat beriji duşuşyklar geçirildi. Okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp, hünär saýlamagyň aýratynlyklary, institutyň kabul ediş düzgünleri we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumatlara eýe boldular. “Açyk gapylar” ýaşlaryň ylyma bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olarda ylym-bilim ulgamyna bolan höwesi döretmek bilen bir hatarda geljekde hünär saýlamakda dogry ugur tapmagyna ýardam berer. Şeýle çäreler ýaşlaryň ylyma bolan höwesini artdyrmaga we geljekki hünär saýlamagyna ýol açýar.