“AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna 2025/2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň orta hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň harby bölümleriniň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary üçin “Açyk gapylar” güni geçirildi.

“Açyk gapylar” gününe Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 33, 46, 50, 77, 116-njy orta mekdepleriniň uçurym okuwçylary we Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň uçurym talyplary, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Aşgabat gornizonynynyň harby bölümleriniň ýazky möwsümde harby gullugyny tamamlaýan esgerleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşan bagtyýar ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, talyplar tarapyndan döredilen şekil taslamalary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanyşdyryldy.