GELJEGI GURUJYLAR GURLUŞYK MEÝDANÇASYNDA

2025-nji ýylyň maý aýynyň 5-ine Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda geçirilen göçme okuw sapagyny geçdiler. Okuw sapagy talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik tejribesi bilen utgaşdyrmak we olaryň amaly başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen gurnaldy.

Bu gezekki göçme okuw sapagynda talyplar esasan beton işleri bilen giňişleýin tanyşdylar. Hususan-da, talyplara gurluşykda ulanylýan materiallaryň biri bolan ýuwulan ownuk çagyl, sement, we dolduryjylaryň garylmagy netijsinde ownuk materiallar üçin beton garyjy gurluş (БСУ) bilen ýerine ýetirilýän işleriniň aýratynlyklary hem-de ýerine ýetiriliş tehnologiýasy we amaly ähmiýeti barada jikme-jik maglumatlar berildi. Şeýle-de, beton garyndylarynyň taýýarlanylyşy, guýulýan ýerlerde berkligi we hil derejesi baradaky ýagdaýlar hem aýratyn nygtaldy.

Okuw sapagynda talyplar demirbeton işleri, beton guýmak, gurluşyk armaturalaryny ýerleşdirmek ýaly işleriň gurluşyk meýdançasynda nähili utgaşykly ýagdaýda alnyp barylýandygyna göz ýetirdiler. Şeýle şertlerde geçýän sapaklar ýaş gurluşykçylara diňe bir hünär bilimini bermek bilen çäklenmän, eýsem, çözgüt tapmak, toparlaýyn işleşmek we önümçilik şertlerine uýgunlaşmak başarnyklaryny hem ösdürýär.

Şeýle göçme okuw sapaklary geljekki inžener-gurluşykçylaryň tejribe toplamagynda, häzirki zaman gurluşyk talaplaryna laýyk gelýän, ukyply we innowasion pikirli hünärmenler bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir.