2025-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň dowamynda institutda geçirilen olimpiýada, dürli medeni-köpçülikleýin çärelere, halkara we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşiklerine, halkara we ýurdumyzda geçirilen sport ýaryşlaryna gatnaşyp baýrakly orunlary alan göreldeli talyplary we olary bu bäsleşiklere taýýarlan professor-mugallymlary we tälimçileri institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.