Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 26-27-nji apreli aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň La Nusiýa şäherinde erkin we grek-rim göreşi boýunça halkara ýaryşynda institutyň Ýol gurluşyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Döwletgeldi Myradow we Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Watan Annaorazow dagylar I orny eýeläp, altyn medala mynasyp bolup, olara hormatly rektorymyzyň hormat hatlaryny we institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Şu ýerde ýene bir belläp geçmeli guwandyryjy wakalaryň biri hem institutyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Watan Annaorazowyň 2025-nji ýylyň 8-9-njy ýanwary aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde erkekleriň arasynda erkin göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 79-kg agram derejede çykyp edip I orna, altyn medala we sport bil guşagyna mynasyp bolandygyna hem buýsanýarys.